Hazar deňziniň barha artýan ähmiýeti.
“Reuters” gullugynyň habar bermegine görä, dünýäniň
ulag we ýük daşamalary boýunça iri kompaniýalary bolan Daniýanyň “Maersk”,
Fransiýanyň CMA CGM we Şweýsariýada ýerleşýän MSC kompaniýalary Russiýa
geçelgesine alternatiw hökmünde täze ugurlar boýunça işleýärler. Hazar deňziniň
munuň üçin oňaýly alternatiw boljakdygy çaklanylýar. Geljekde Hazar deňzindäki
ýük gatnawlarynyň ýokarlanjakdygyny aýtmak bolar. Gazagystanyň Azerbaýjanyň
üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna haryt ugradyp başlamagy hem-de Türkmenistanyň
Russiýa we Azerbaýjan bilen söwda gatnaşyklarynyň ösmegi netijesinde, Hazar
deňziniň üsti bilen ýük awtoulaglarynyň (TIR) daşalmagynyň möçberi hem
ýokarlandy. Geosyýasy taýdan Türkmenistanyň gündogar-günbatar çatrygynda
ýerleşmegi, şeýle hem soňky birnäçe ýylda ulag infrastrukturasyna goýlan maýa
goýumlarynyň netijesinde täze ulag ulgamlarynyň işe girizilmegi Türkmenistanyň
Hazar deňzindäki möhüm ornuny has-da pugtalandyrýar.